Biziň ýyladyşhanamyz Türkmenistanda ilkinji bolup senagat taýdan uly möçberde we täze tehnologiýalaryň kömegi bilen ýertudana ýetişdirip başlady. Ýyladyşhananyň işi tejribeli hünärmenler tarapyndan alnyp barylýar we ekologiýa taýdan arassa, witaminlere baý, tagamly ýertudana ösdürilip ýetişdirilýär.
Ýyladyşhana toplumy ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar we ilaty ýylyň ähli paslynda ýokary hilli ýertudana bilen durnukly üpjün edýär.
Ýertudana diňe bir tagamly bolman, eýsem adam saglygy üçin peýdaly miwedir. Halkymyzyň bu peýdaly miwä bolan islegini kanagatlandyrmagy we ýylyň ähli paslynda lezzet almagyny maksat edinýäris.